SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ENE DILIŇ

 

 

ENE DILIŇ

 

Diliň, ene diliň ýarmasa diliň,

Ol dilden dil bolmaz şuny hem biliň.

Saýramaz hiç bilbil gunça görmese,

Geliň gunça güle şat bolup gülüň.

 

Eliňden geläýse ene diliňi,

Suw berip, sakla sen gunça gülüňi.

Gujuryň, gaýratyň bolaýsa eger,

Sowmagyl gözüňden gözel iliňi.

 

Ençeme ýil boldy dilime zulum,

Her ýagda bolsa-da kakylmaz külüm.

Ejesin çagyryp "Maman" diýene,

Näme at dakjagyny bilmeýär dilim.

 

Gäwşäp duran sygyra hem bakarsyň,

Ol hem aslyn ýitirmäni "Mo" diýer.

Türkmenligne gynanýan hem tapylýar,

Iki sany diýjek bolsa "Do" diýer.

 

Pars dili şekerdir diýipler ozal,

Hünärli Türkde hem tapylar gazal.

Şekere şekim ýok süýjüdir, akdyr,

Her kimiň öz dili iline gözel.

 

"Aslsyn dänen kapyr!" diýilşi ýaly,

her ýagdayda Türkmen dili gurlalyň.

Bilelikde dostlar "Serhoş" boluban,

Laý basan çeşmäni gazyp durlalyň.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله