SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
TÜRKMENSÄHRA

 

 

       TÜRKMENSÄHRA

 

Bereketli gara däri topragyň,

Bardyr seniň Türkmensahra döşüňde.

Miwesin gujakda saklan ýapragyň,

Gür jeňňeliň köpdür dagyň başynda.

 

Akmaýa çöküban gyşyna daga,

Gaýdyrýandyr näzy bilen ýerleri.

Şaglap gelen suwlar dermandyr baga,

Şat edýändir sazy bilen serleri.

 

Bir ýanyň jeňňeldir, bir ýanyň baýyr,

Jeňňeliňden öner agaç hem tagta.

Baýryňa bitýändir gyrtyç hem çaýyr,

Döşüňe ekilýär bugdaý hem pagta.

 

Doludyr baýyrlar guzy-goýundan,

Ýylkysy hem bardyr şahly mallary.

Örýändir her kimiň çopan öýünden,

Sanamakdan köpdür düýäň sanlary.

 

Ýüzlerçe bar towuk saklanan jaýlar,

Salyndy göwsüňde görk berer çöle.

Onlarça un, pagta kärhana baýlar,

Dikeltdi bezegdir asfaltly ýola.

 

Egsilmese gerek mele çöregiň,

Sebäbi bereket ýagan sähradyr.

"Serhoş" bolup diri sakla ýüregiň,

türkmeniň alnyndan dogan sähradyr.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله