SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > GÖREŞ, DIL UGRUNDA
GÖREŞ, DIL UGRUNDA

 

       GÖREŞ, DIL UGRUNDA

 

Medeni myrasy bardyr her iliň,

Gymmaty köp bolar illere diliň.

Geçmişiň gün ýaly ýagtydyr Türkmen,

Galkynsyn ene dil berk guşa biliň.

 

Türkmen diliň atasydyr Pyragy,

Ýakdy gitdi öçmez-sönmez çyragy,

Açyk ellileri çykardy arşa,

Mündüriban sahylara buragy.

 

Öten aryplardan Attar bar Jamy,

Aryplaň arypy Möwlana namy,

Bulhasan Harakan, Şemsed-din Hafyz,

Baýezit, Pyragy yrpanyň bamy.

 

Bular öz dilinde goýdular eser,

Ylmynyň şemaly dünýäde öser,

Idegsiz galandyr ene dilimiz,

"Ýetim çaga özi göbegin keser!"

 

Pars, Arap, Ors hem gatyşyp dile,

Saýlasyn alymlar oturyp bile,

Elipbiý harpyny täzeden düzüp,

Tikenli bossany dönderiň güle.

 

Ýemsi etmän ýörişiňi her halda,

Göreş dil ugrunda degäýseň çalda,

Ene dile "Serhoş" eýlegil talaş,

Netijä ýeter sen bir näçe salda.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله