SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÇYKAN GÜLLER

                   ÇYKAN GÜLLER

 

Tebigatyň nury düşüp, hakyň nazar salan ýurdy,

Ýa reb diýip daýhanlarmyz, pagta ýere azal urdy,

Gyş aýlary gar üstüne, garlar ýagyp gyrdy gurdy,

Indi bolsa bahar gelip, ýaşyl köýnek geýdi çöller.

 

Hazan gelip dökäýse-de, ýapraklaryn barça bagyň,

Ýa soldursa müşk kokaýan otlaryny Narly dagyň,

Indi bolsa saýrar bilbil, gülüstana baran çagyň,

Görer sen baglar içinde, isli-kokly çykan güller.

 

Çopan tüýdük çalan wagty, örä gider goýun-guzy,

Garry enäň gözündedir, gyrkym bolsa ýüňüň ýozi,

Çarwalarmyz seýr ederler, bahar aýy dagy-düzi,

Çöl-sähraýa çykyp görseň, köpdür biziň Türkmen iller.

 

Atçapgyly toýlarmyzda, sazandalar sazyn çalyp,

Garry juwan şatlyk eder, ýüregine joşgun salyp,

Ýaz paslynyň waspyn aýdar, "Tagy Serhoş" galam alyp,

Bilbil güwýa tekin saýrar, bahar aýy ýagşy diller.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله