SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ARY TÜRKMEN SEN

 

 

          ARY TÜRKMEN SEN

 

Türkmenligmi buýsanç bilen aýdar men,

Dünýä halky tanaýandyr Türkmen men.

Aslym ary, Oguzhandyr kökümiz,

Her mekanda, her ýagdaýda ürkmen men.

 

Gujur-gaýrat sözi geläýse ara,

Türkmen ili düşer ilki ýadyna.

Her taryhçy ýazan bolasa gerek,

Bir näçe sahypa Türkmen adyna.

 

Türkmen ynanjaňdyr, boş bolar boýny,

Ynanar bir ýola gitse atyna.

Ýöne namartlygy göräýse gözi,

Salýandyr namardy ýeriň gatyna.

 

Taryh boýy seretseň şöhratdyr, atdyr,

Geçmişiň ýagtydyr, aslyňa buýsan,

Sözünden, gözünden tanalar Türkmen,

Ary sen nesliňe pikr edip üýsen.

 

Gamyş gulak, boýny inçe at bilen,

Tanalar dünýäde elwan halysy.

Söweş güni duşman bilen atyşan,

Köpdür Baýram han dek Jüneýt ýalysy.

 

Sahylyk babynda tapylmaz taýy,

Çöregi saçagy açykdyr ýaýyň.

Uzak gijeleriň ýary hem bolsa,

Myhman bolup barsaň, alarsyň paýyň.

 

Meşgul bolup gezer elmydam işde,

Daýhançylyk uly käri bolýandyr.

Düýe, sygyr, goýun, at-ýylkysyna,

Ogul-gyz, aýaly ýary bolýandyr.

 

Ukyby Allaga, Ýalany bolmaz,

Ynamyn sermaýa biler sözüne.

Uýatly bolajak bolsa her ýerde,

Bu sypaty kemlik biler özüne.

 

Köpçülige pikir edip otursaň,

Her bir iliň oňady bar, erbedi.

Aradan erbedi saýlap göterseň,

Türkmen bolup galar iliň sermedi.

 

Garry-juwan "Serhoş" bolup gezýändir,

Hiç bir ilde bolmaz Türkmen toýlary.

Köşk diýp salýandyr hanlar, sultanlar,

Köşge berimsizdir akja öýleri.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله