SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
TOÝ GELŞIGI

 

 

      TOÝ GELŞIGI

 

Toý gelşigi bolar dutar hem gyjak,

Ýigitleň islegi inçe bil, gujak.

Agaç öýüň bolsa gaýra çölünde,

Gyş gyzynmak üçin gerekdir ojak.

 

Türkmen toýda aýdym aýdasa bagşy,

Şorta söz ýolbaşçy, köp oýnar nagşy.

Medeni myrasy gursakda saklan,

Şahyrlar hem goşgy okasa ýagşy.

 

Gelin-gyz hem bolar toýuň gelşigi,

Geýip gelse gök-al esbap eşigi.

Älemgoşar tekin ýalkymlar salyp,

Bezär toý meýdany eýwan köşügi.

 

Oturandyr saçak başynda ene,

Üýşürip daşyna bir näçe sona.

Aýagy düşümli gelin bolsun diýp,

Gutlar arzuw eder toý bolsun ýene.

 

Bezeg berer toýa jarçylaň sesi,

Dosta hyzmat eder toýuň eýesi,

Köpçülikde ýataksyz hem tapylyp

Uruş eder toýda adamyň pesi.

 

Ýene, bir-iki zat toýa degerli,

Göreş, at çapgydyr ýöne egerli.

Paň pählwan bolup atçylary-da,

Bolsa Gojuk, kelte, pezze, çogarly.

 

Şonda toýuň toýa ulaşsa gerek,

Türkmen toýy diýsek boluşsa gerek.

Maýa _ gelin, iner _ ýigit toýunda,

"Serhoş" bolup dostlar gülüşse gerek.

 


  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله