SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
SOLMALY BOLAR

 

     SOLMALY BOLAR

 

Ýiliň dört pasly bar: ýaz, tomus, güýzdür,

Bardyr gyş aýy hem şolardan yzdyr.

Güýz-gyşy ýagyşly bolasa eger,

Ýazyň dogurany gök-ýasyl gyzdyr.

 

Ýaz aýynda gunça baglanar baga,

Miwe atly tomus ýetişer çaga.

Miwäni agaçdan ýygar bolsaňyz,

Ser ediň güýz aýy sol bilen saga.

 

Pazylaty bardyr her paslyň, aýyň,

Gar ýagyp gyş daga al diýer paýyň.

Ýagan garlar ýaz aýynda ereýip,

Daşyp gelmegini görersiň çaýyň.

 

Tomus aýy bereketli ot ýagar,

Ýaz goýun, süýt içen geçisin sagar.

Ýadyrak ýyldyzy dogandan soňra,

Tomusyň möwsümi ortadan agar.

 

Güýz aýynda tupan geler, ýel bolar,

Ýaprak düşüp köp agaçlar kel bolar.

Göçmek pikre düşer goýun maldary,

Çopanlar mekany dere çöl bolar.

 

Pasyllar wagtynda barçasy işli,

Hekmeti bar bir-birine degişli.

"Serhoş" bolup geçir bäş günlük ýazy,

solmajak ýok ahyr solmaly bolar.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله