SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
YLYMLAR ÖSSE

 

        YLYMLAR ÖSSE

 

Ykraryň bolmasa girmersiň sana,

Ilkiden diliňe bolmaly gaýym.

Sözüňe ygtybar bolmasa jana,

Ot salar ýandyryp köýdürer daýym.

 

Bir kişiň aýaldan parhy paýhasy

Bolmaly, sebäbi daýawdyr güýçli.

Öwürmäň ýerine başda tahýasy,

Bolýandyr är kişi elmydam işli.

 

Ejizlik sebäpdir her ýowuzlyga,

Sebäbi ejizler güýji ýetmäni __

Ykraryny salar pis gowuzlyga,

Ýüzlener ýalana işi bitmäni.

 

Ýalan erbet, ogrulyk hem getirer,

Ogrulyk ýöne bir ýol kesme dädir.

Bir näçesi gezer söwda ýolunda,

Ynsap ýattdan çyksa ol ösme däldir.

 

Kemçilik aýrylar ylymlar össe,

Ýalana alymlar baha bermezler.

Ylym arkasyndan bilimler össe,

Beýle il içinde ýlan görmezler.

 

Ýalana sebäpdir ýene birje zat,

Mal ýagdaýy dogralmasa milletiň.

Medeniýet össe ülkämiz abat,

"Serhoş" şol ýagdaýda görmez zilletiň.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله