SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
IL AZMANY

 

     IL AZMANY

 

Il azmany başa bela gelmezmiş,

Ajaly ýetmese ýatan ölmezmiş.

Arça, turunç bagy ýyl boýy mydam,

Ýaşyl öwsüp her ýagdaýda solmazmyş.

 

Ýoldaşy her kimiň niýýeti päli,

Saýgarmak kyn boldy sag bilen soly,

Gidendir aradan rähm-u şapagat,

Gatyşdy harama köpleriň maly.

 

Ganahat aýrylyp bereket gitdi,

Jöhit bazarynda ynsap hem ýitdi,

Pul üçin bir näçe baýsyran samsyk,

Pikr etmän soňuna wyjdanyn satdy.

 

Näçeleri sülük sypat bolupdyr,

Ýapyşan adamnyň reňki solupdyr,

Hudaýa, wyjdana garşy duranlar,

Kesel bolup aramyzda dolupdyr.

 

Köp ýaşaýan bilmez illeri gezmän,

Daýhançylyk bolmaz, ýer ýüzi gyzman,

Sahy bolup garyplary gollagyl,

Keremli derýadan umydyň üzmän.

 

"Tagy Serhoş" sen wyjdanyň guly sen,

muhapbet bossanyň gunça güli sen,

geçmejek tapylmaz pany dünýäden,

bilmesim men dünýä niçik loly sen.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله