SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÝAZARDYM GOŞGY

 

       ÝAZARDYM GOŞGY

 

Begenip bir zaman ýazardym goşgy,

Goşgy ýazmagň hem bar idi yşky.

Şahyra erkinlik uly maýadyr,

Ümürli howada neýlesin köşgi.

 

Duýgy has gerek zat bolýandyr,

Şahyra goşgudyr baýlygy mülki.

Ynam ýokdur mülke, mala, aýrylar,

Asyrlarça galar eserler belki.

 

Ýazanlary ile degişli bolsa,

Talap eden haky geňeşli bolsa.

Galamy eserli bolar şahyryň,

Ile ýürek ýakyp ýeňişli bolsa.

 

Ile täsir goýar şahyryň sözi,

Dag basar ýürege ýandyran közi.

Bilen köpdür ýöne aşa gitmäni,

El çoýmaly ilki közüne özi.

 

Ýazyjy-şahyrdyr ýol-ýorda başy,

Gözdür - il başlgy, şahyrlar - gaşy.

Her kim öz işinde paýhasly bolsa,

Garry, gartaň, juwan parh etmez ýaşy.

 

Şayr buýsan ýazan hatyňa buýsan,

Geçmişiňe Türkmen atyna buýsan.

"Serhoş" sen daýhan hem maldar sen özüň,

gök ýaşyl sährada otuňa buýsan.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله