SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÝAT EDER SENI

 

       ÝAT EDER SENI

 

Uzatma dost diýip eliňi her ýan,

Näçesi dost diýip mat eder seni.

Ýakyban ýüregiň ederler berýan,

Geçirip müzmünden had eder seni.

 

Bilseler ýanyňda barlygyn puluň,

Bolarlar ol zaman hyzmatkär-guluň,

Egsildip ýanyňda gymmatyn gülüň,

Artykmaç gülden diýp bat eder seni.

 

Akyldan azaşyp höwese gitseň,

Höwese ulaşyp gözlerden ýitseň,

Saýgarman soňuny erbet iş etseň,

Gutaryp puluňy lat eder seni.

 

Boşadyp jübiňi tapmasaň ýoluň,

Ördek, gazlar uçup boş galsa kölüň,

Garaman gidäýseň sag bilen soluň,

Werşikest boldy diýip at eder seni.

 

Bagtyňdan aýalyň wepaly bolsa,

Eger-de gaýgydan gül ýüzi solsa,

Bar bolan muşakgat başyna gelse,

Ýene-de başarsa şat eder seni.

 

Sag bolup ýaşasyn dostuň niçesi,

Halal süýt emdirip ozal ejesi,

Ýadyndan çykarmaz gündiz, gijesi,

"Serhoş" bol diýiban ýat eder seni.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله