SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
BU DÜNÝÄ

 

               BU DÜNÝÄ

 

Dünýäniň düýbüne oýlanşyk etseň,

Ýyldyrym dek bolup geçer bu dünýä.

Aslyna göz tikip netijä ýetseň,

Garrymaz, hiç ölmez geçer bu dünýä.

 

Belli bir gymmat ýok bir zerre wagta,

Ömrüň köp azlygy baglydyr bagta,

Tutdurmaz münseň-de süleýman tagta,

Ýetdirmez el bermez gaçar bu dünýä.

 

Ajal bir saýýatdyr duzakly, torly,

Gyzykly bazary merjenli, dürli,

Şat eder gam salar şirinli, şorly,

Bir gün ganyň dökmän içer bu dünýä.

 

Ynsanyň ahyrda matasy, maly,

Onki gez gamysdyr türmesi, şaly,

Görer sen adamzat şeýle bir haly,

Her kimiň donuny biçer bu dünýä.

 

Yzraýyl janyňy almaka tenden,

Aklyňy almandyr köp zaman senden,

Arzymy eşdiňiz nasyhat menden,

Ýädigär goýany seçer bu dünýä.

 

"Taky" sen hoş geçir bäş günlük ýazy,

Ruhuňa damak et aýdymy sazy,

Dünýäni erider hidrožen gazy,

Ylm üçin gujagny açar bu dünýä.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله