SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
KÖŇLÜM ISLÄR

 

           KÖŇLÜM ISLÄR

 

Köňlüm islär gezsem älem-jahany,

Perwana dek uçup gülden güllere.

Berip bolmaz görmän halka bahany,

Bilmek üçin gezsem ilden illere.

 

Durmuşa düşünmek kyn imiş ilki,

Sebäbi gerekdir çüň okuw ylym.

Düşünyp bilmeseň şol ýagdaý gülki,

Ylyma talaş et goý artsyn bilim.

 

Bilimiň bolansaň  synar sen ody,

Yssyny özüňe basyp görer sen.

Beýle bir ýagdaýyň ydalat ady,

Ydalat saýada döwran sürer sen.

 

Beýle ilde elin seren tapylmaz,

Sebäbi ylaty işli bolýandyr.

Işlejege iş gapysy ýapylmaz,

Agzybir ýaşaýanlar güýçli bolýandyr.

 

Sany az ylatyň agzybir bolup,

Agzybirlik dogry düzgün getirer.

Sözle "Serhoş" il haýryna ýylgyryp,

Duýgusyz şahyrlar ümsüm oturar.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله