SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DUÝGY TÄSIRI

 

        DUÝGY TÄSIRI

 

Gaty ýere dogry düşäýmez azal,

Duýgy hem bolmasa şahyrda ozal,

Dogry gelmez kapyýasy, silaby,

Her näçe diýse-de ol gözel-gözel.

 

Her bir zadyň dady bardyr paslynda,

Şahyra hem duýgy gerek aslynda,

Her kimde şol duýgy bolmasa ilki,

Kemçilikler bolar aşyk waslynda.

 

Şahyrlara duýgy gerek zat weli,

Bolaýsa gülüstan içinde güli,

Eserler syzdyryp ýazar ýürekden,

Suw eder ýer ýüzün mysly bir doly.

 

Duýgudan her näçe ýazylsa azdyr,

Bir hünär duýguda - aýdymdyr sazdyr,

Täsir goýan haýwan, ynsan, nebata,

Dört paslyň içinde güýz bilen ýazdyr.

 

Datlydyr ynsana täsir ýetirmek,

Boýnundadyr halkyň işin bitirmek,

Elinden geleni etmeli her kim,

Şahyra ýaraşmaz ümsüm oturmak.

 

Ýürekde duýgyňyz bolaýsa eger,

Ýazyňyz eneden dünýäýe deger,

Alladan, Resuldan soňra hormatly,

Barmydyr eneden başga-da meger.

 

Bir ussat bar onuň beren tälimi,

Ýagty etdi bize nahan, mälimi,

Hormaty wajypdyr ene-atanyň,

"Serhoş" aýdar ýa reb alma pälimi.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله