SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ESER GALSYN

 

 

        ESER GALSYN

 

Ýigitler gadryny biliň ömüriň,

Göz açyp ýumýançaň geçip baradyr.

Başarsaň eser goý özüňden ilki,

Yadygär goýany seçip baradyr.

 

Oýa sakla wejdanyňy her halda,

Dogrulygy maýa bilip özüňe.

Getirme ýanyňa ýalan keselni,

Göwher tekin gymmat goýgul sözüňe.

 

Berimli el berk gapyny açýandyr,

Açyk etgil ýigitlikden eliňi.

Köpeler hormatyň iliň içinde,

Sözletmeseň ýersiz yere diliňi.

 

Kämil bolar adamzadyň akyly,

Nesip çekip kyrka ýeten zamany,

Kethudalyk etjek kişi bellidir,

Saýlanar ýigidiň ýüwrük-çamany.

 

Geçer ömür belli bolmaz geçmegi,

Elli ýyl hem bir ortanja ýaş bolar.

Ozal ýagşy ýolda gezen ýigitler,

Indi bolsa il içinde baş bolar.

 

Ahmyryn çeker sen geçen zamanyň,

Ilki "Myş"dan[1] geçip kütelse küýüň.

Ikinji "miş"[2] soňra segsen, togsana,

Kuwat gaçyp bilden büküler boýuň.

 

Her ýagdayda "Serhoş" sakla özüňi,

Rebbiňi çykarma hergiz ýadyňdan.

Benadyr, ýazuwdyr ylym-bilimden,

Gidejek sen eser galsyn adyňdan.

 

 



[1] Ilki "Myş": Altmyş.

[2]  Ikinji "Miş": ýetmiş.

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله