SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DOGRY OZAR

 

         DOGRY OZAR

 

Oz hakyna kanyg bolan egsilmez,

Köpeler hormaty iliň içinde.

Her näçe gom turup tolkunlar atsa,

Gämisi agaymaz sylyň içinde.

 

Ösüm aljak bolsaň çykarma ýatdan,

Dogrulyk bir borçdur ynsan boýunda.

Uruşyp, dalaşyp mal üçin hergiz,

Ýykylaýmaň kahba pelek toýunda.

 

Atalardan-babalardan nakyl bar:

"Dogry ozar, eger azar" diýerler.

Halk malyna göz tikmeýen ýigitler,

Il içinde toý donuny geýerler.

 

Dogry tutuň ilki başdan bynany,

Egri arça gurluşyga ýaramaz.

Gelse gahry tebigatyň erbede,

Amy, alym, sopusyna garamaz.

 

Ynanyň ydalat terezä mydam,

Oýnap durar gyly gyldan saýlaýyp.

Şu dünýäde haky haka ýetirer,

Kadyr Alla gudrat bilen aýlaýyp.

 

"Serhoş" seniň sydkyň bardyr Allaga,

galsyn senden ýaz nesihat sözüňi.

Ganahat eýlegi hala çörege,

Haram maldan gaçyp ýumgul gözüňi.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله