SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÖÝ GEREK

 

               ÖÝ GEREK

 

Galam alyp ýazjak bolsaň goşgyny,

Ilki başdan azat pikir, küý gerek.

Maldarçylyk etjek bolsaň çöl ýerde,

Çuň hem bolsa sowuk suwly guý gerek.

 

Uly iş tutmaga gerekdir maýa,

Ylmyň köp bolsa çykarsyň aýa,

Ylym derýasyna girmeli bolsaň,

Ýüzüm hem bilmeli soňra boý gerek.

 

Öýermeli bolsaň ogluňy eger,

Nesihatym tutsaň dünýäýe deger,

Geçdi tuty bilen ýatylýan zaman,

Erkin ýaşamaga ilki öý gerek.

 

Gelin diýip alaýsaň aýry illerden,

Ser etgil, bolmasyn gaýry dillerden,

Bir ömürläp köýüp geçmejek bolsaň,

Türkmeniň nesline Türkmen soý gerek.

 

Öý işini kemsizlikde bitirseň,

Etjek işiň göz öňüne getirseň,

Gulak gutun açan "Serhoş" dostlara,

Dutar, gujak, bagşy saýran toý gerek.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله