SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ILKI ÇÖREKDIR

 

 

      ILKI ÇÖREKDIR

 

Galam alyp çaý başynda goşgyny,

Ýazar boldum bu gün ýürekde baryn.

Başlaryn wasp edip dünýä yşkyny,

Çeker aşyklar hem magşuklar zaryn.

 

Aşyk bolar ynsan ýigitlik çagda,

Ýürek söýen gözeline jenana.

Telwas eder gezse ýar bilen bagda,

Emma gojalanda bakmaz zenana.

 

Dünýä yşky bir zenan däl, ýene bar,

Belki hem zenandan ilki gerekdir.

Onuň ady puldur bar il oňa zar,

Garybyň gaýgysy ilki çörekdir.

 

Mydam bardyr mele myssyk çöregi,

Türkmen iliň saçagynda töründe.

Sebäbi Allaga bagly ýüregi,

Ylaýta bişirse ojak gorunda.

Ýöne bir çörek däl ýaşamak görki,

Öý gerek ýaşamaga ilkiden.

Egin-eşik, gap-gajakdyr öý durky,

Iş bitmeýär __ şayat, nesip, belkiden.

 

Bular bary geler ynsan eline,

Işde dogrulygy maýa bilseler.

Ondan soňra guwanarlar gülüne,

Begeneris "Serhoş" bolup gülseler.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله