SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
HEKIM OMAR HAÝÝAM

 

        HEKIM OMAR HAÝÝAM

 

Hekim Omar Haýýam kapyr bolaýsa,

Men ozaldan kapyr eken ýaranlar.

Ekip gidenleri bu gün solasa,

Bilmezlikden kasyr eken ýaranlar.

 

Köp alym danalar ýygnanan ýerde,

Jam şerabyn içip ýürek dilerler.

Aryp, a:my her küý bolaýsa serde,

Çekinmän duýgusyn aýda bilerler.

 

Gazal setirlerini bilmeýän azdyr,

Ýöne manysyny seçmeli ilki.

Bilmeýäne hazan, bilene ýazdyr,

Yrfan çeşmesinden içmeli ilki.

 

Jam şerap diýp başlar yrfan sözüni,

Uçar semawata jamy nuş eden.

Açandyr köpleriň haka gözüni,

Hak ýolunda ýürekleri joş eden.

 

Gazallarnyň manysyny seçmäge,

Ukyply, pähimli ylym gerekdir.

Yrfan şerabyny ganyp içmäge,

"Serhoş" hem bolaýsaň bilim gerekdir.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله