SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
YKBALYŇ ŞAÝADY

 

               YKBALYŇ ŞAÝADY

 

Gowgaly bazardan gaçan gutulmaz,

Töwekkil eýleýen aňsat utulmaz,

Il haýryna ädim ätmeýen kişi,

Oturşyk, meýlisde ady tutulmaz.

               Soraşaýsaň öndan kim bolar ýagşy?!

               Jogabym - il üçin işler bitiren.

 

Zamana seretmän wagtyn geçiren,

Ykbal guşy depesinden uçuran,

Ile gatyşmany sergerdan bolar,

Elindäki bagyt guşuny gaçyran.

               Gowgaly bazardan gaçan gutulmaz,

               Ylaýta-da azaşyp ýolun ýitiren.

 

Bagtly boljak bolsaň zamana görä,

Sen hem yza galma goşulgyn sürä,

Süriniň içinde daýaw bar ejiz,

Galmany sürüden ortadan ýore.

               Şonda sen bagtly sen arkaýyn bolgun,

               Sen bilen deň bolmaz ümsüm oturan.

 

Ykbalyň şaýady sen bilen ýoldaş,

el-aýak aşakda ýokarda hem baş,

aýagyň haýyr diyp sag bilen sola,

göterseň duşmanhem bolar garyndaş.

               Onki süňňüň uly baýlyk bolýandyr,

               Ýagşy oldur haýra ädim göteren.

 

Ýoldaşdyr her kime niýýeti, päli,

Karun dek boluban ýynasa maly,

Arman galar janda hyzmat etmäni,

Ötäýse dünýäden gör niçik haly.

               Misgine garan hem tapylsa gerek,

               Bardyr il haýryna ömür ötüren.

 

Kowalap bagt guşy ele getirseň,

Şol ýagdaýda halkyň işin bitirseň,

Wyjdan rahatlygna hezillik ýetmez,

Ýykylanyň elin tutup göterseň.

Wyjdany rahatdyr her dana kişiň,

  Mert ol bolar iş bitirip gutaran.

 

Tejribäň bolmany ömür geçirseň,

Ykbal guşun bilmezlikden uçursaň,

Her näçe "Serhoş" hem bolaýsaň eger,

Öküner sen wagty elden gaçyrsaň.

               Bürgüt bolup al howada gezmeli,

               Şonda bolsaň gerek awun getiren.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله