SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÖÝ ÝYKAN DERSET

 

               ÖÝ ÝYKAN DERSET

 

Il içinde bir haramlyk döräpdir,

Bazardan alaýjak bolsaň bir zady;

Ýetişmese puluň gerek zadyňa,

Ozdurar gymmatyn dersetdir ady.

 

Wyjdandan daş düşen bir näçe ganhor,

Şerigata dogry edip işini,

Bir uzyn tesbini alyp eline,

Güler il syrtyna sypap rişini.

 

Aňryňa göz tikip baryňa ýetse,

Gülümsiräp çypar maşyn mündürer;

Dersed baryn çeker galan borjuňa,

Ýykar öýüň hypbat bilen öldürer.

 

Yslam hel aslynda bu işe garşy,

Döwlet hem ýigrener beýle ganhory,

Ýöne bolsa bular şagal ýol bilen,

Halkyň etegine dökerler gory.

 

Şerigata dogry getirmek üçin,

Il malynyň gurugyndan tutarlar.

"Aldyňmy sen?, berendirin!" söz bilen

şeýle hile edip halky utarlar.

 

Diýrler ynsaby __ diniň ýarysy,

Ýitip ynsap ýokdur wyjdandan nyşan.

Bu işi edeni barça halk biler,

Köpelipdir haram ýolda bil guşan.

 

"Özbek özüne bek!" diýipler ozal,

ýöne bolsa ile nesyhat gerek.

Ta ölýänçäň "Serhoş" sakla wyjdanyň

Iýme-de iýdirme sen haram çörek.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله