SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DUMAN AÝRYLMAZ

 

 

               DUMAN AÝRYLMAZ

 

Gök arassa diýip dem aljak bolsaň,

Ýer ýüzi bulaşyp duman aýrylmaz.

Birine kän berip, kem aljak bolsaň,

Ynamlar gaçypdyr güman aýrylmaz.

 

Adymyz ynsandyr gökmümiz rowan,

Ylym-bilim bilen aýa çykarlar.

Dünýä ösdügiçe bolýandyr juwan,

Ýöne bilmezlikden öýler ýykarlar.

 

Allanyň senasy dilde bolmasa,

Hiç bir iş ugrukmaz bilmek biläni.

Sahawat hem her bir ilde bolmasa,

Kowar gapysyndan çörek diläni.

 

Kim seni ýetirdi bu belent jaýa,

Perwaýsyz gezer sen ýada salmany.

Ýüzlenip aýdar men biynsap baýa,

wyjdanyňy göz öňüne almany.

 

Eliňde geläýse sowma gözüňden,

Garyby-gasary, gowumy-hyşy.

Puluňdan, malyňdan, süýji sözüňden,

Ýetirgil mätäje düşäýse işi.

 

Ynsan adyn dakaryn men sizlere,

Garyby öýerip jaý salyp berseň.

Gol gowşuryp bakaryn men sizlere,

"Serhoş" dek garyba paý alyp berseň.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله