SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GADYR-GYMMAT

 

               GADYR-GYMMAT

 

Bir näçe söz gadyr-gymmat adyna,

Aýratyn sahypa açmaly boldy.

Her kim pikir etse düşer ýadyna,

Üstünden ýol salyp geçmeli boldy.

Belli bir gymmat ýok azajyk deme,

Demgysma hassalar ýagşy bilýändir.

Lukmanlar pikr edip ýetmedi eme,

Bu hassalyk erbet isden gelýändir.

 

Saglygyň gadryny bilmeli ilki,

Baş ýasdyga ýetip hassa bolmakaň.

Belli bir gymmat ýok saglyga belki,

Sür dünýäni ýigitlikde solmakaň.

 

Ýigitligiň belli bahasy bolmaz,

Gojalyk çagyna ýetseň biler sen.

Näşeli işleri etmeýen solmaz,

Bu nygmaty "Myş"dan ötseň biler sen.

 

Ýagşy dostuň hyzmatyna ýetmeli,

Ýöne şerti gadyrdany tapylsa.

Toý meýdanda jylawyndan tutmaly,

Eger aty toý meýdanda çapylsa.

 

Eneň-ataň barlygynda kemsitme,

Öküner sen elden giden zamany.

Al göwüni barlygynda gamsytma,

Gadyry aýrydyr etme gümany.

 

Ynsanlaryň ömri bolýandyr çäkli,

Satyn alyp bolmaz geçen ýaşyňy.

Ynsanlar ýüregi erbet hem päkli,

Päk ýaşaýyp "Serhoş" dik tut başyňy.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله