SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GÜÝÇLI SEN

 

          GÜÝÇLI SEN

 

Ýazaý diýsem waspyň örän güýçli sen,

Dünýäni lerzana salar sen galam.

Il ýatsa-da sen ýatmany işli sen,

Mazlumyň hakyny alar sen galam.

 

Sen bilen ýazyldy kanun düzgüni,

Dünýä seniň ýazanyňa garaşar.

Çylşyrymlar bolsa sensiň çözgüni,

Soltan, häkim, kazy diýsem ýaraşar.

 

Näme hökm etseň, hökmüň rowadyr,

Ýöne misginleri göze almaly.

Melhem bolar ýazanlaryň dowadyr,

Ynsany erkinlik ýola salmaly.

 

Sen alaja ýylan, güýçli gaplaň sen,

Goraýar sen, jeňňel, deňiz, düzleri.

Gähi ýagmyr, gähi topanly çaň sen,

Azana görkezgil dogry ýollary.

 

Ýadamar sen, dinç almany gezer sen,

Araçäk, serhediň baryny ýykyp.

Zalymlaryň ýürek-bagryn ezer sen,

Sözlärsiň, sözlär sen, belende çykyp.

 

Kitaplar düzdürip söýgüler hakda,

Aşyklary magşugyna ýetirdiň.

Sen uly sen, her hal, her ýagdaý çäkde,

Halkyň dilin saklap köp iş bitirdiň.

 

Aýat bardyr: "Nun-i wel-kalam" adynda,

Kasam bolsun diýip kuran ýazandyr.

Hormatyňy ýüreginde, ýadynda,

Saklap "Serhoş" saňa goşgy düzendir.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله