SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
MERT ÝAŞA

 

               MERT ÝAŞA

 

Mert bilen namarda galam aýlasak,

Eden işi il gözünde bellidir.

Her biriniň sypatyny saýlasak,

Kerdarynda, hem sözünde bellidir.

 

Merde iş bitirseň, aýdar hem gaýdar,

Gadyr bilmez, namart, bir iş bitirseň.

Ýol soraşsaň, mertler dogrusyn aýdar,

Soraşma namartdan ýoluň ýitirseň.

 

Mertler çöreklidir, saçagy ýaýyň,

Myhman gelse namart köňli gysylar,

Mertden her ýagdaýa ýetişer paýyň,

Namarda iş düşse örän peseler.

 

Mert uruşda ýoldaşyny taşlamaz,

Namart uruş bolsa gaça durýandyr,

Gaça duran, ozal uruş başlamaz,

Namartlar atyny terse sürýändir.

 

Erbet bolmak mert ýigide ýaraşmaz,

Namardyň erbetlik ilki käridir.

Mertler oňat ýolda ile garaşmaz,

Her kimiň niýeti-päli ýarydyr.

 

Ýalançyda, kim galypdyr ölmäni,

Az ýaşa mert ýaşa "Serhoş" geçer sen,

Il içinde adyň galsyn solmany,

Ahyrda aýralyk zährin içer sen.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله