SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DÄLI BILEN SAMSYK

 

               DÄLI BILEN SAMSYK

 

Däli bilen samsyk bir bolar diýmäň,

Samsygyň däliden parhy bolýandyr.

Şolaryň berenin içmäň hem iýmäň,

Saglygyň aýratyn nyrhy bolýandyr.

 

Samsyk däli görse, güler ýüzüne,

Däli hem samsyga güläýse gerek;

Gan üýşen zamany däliň gözüne,

Samsyk pahyr birden öläýse gerek.

 

Samsyk halky gorkak bolar baý tekin,

Has gahary gelse damagyn iýmez;

Däliniň ýüregi tor guş çaý tekin,

Inen wagty gorkmaz ot ýa suw diýmez.

 

Däliniň ülkesi giň bolar ýaýyň,

Süleýman tagtyny münüp gezýändir;

Häkimi men diýip ýyldyzyň, aýyň,

Soltan bolup halkyň işin çözýändir.

 

Tur-otur kerseni getir diýseler,

Ýaraşar samsyga geler elinden;

Birje gün "Serhoşy" soltan goýsalar,

Tutsa gerek misginleriň golundan.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله