SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
JENNET DAŞLYGY

 

               JENNET DAŞLYGY

 

Bar kişi özüni kem saýmaz ilden,

Deňeseň bir bolmaz boş bilen doly.

Kürek hem özüni kem saýmaz pilden,

Päk saýar özüni ogry hem loly.

 

Baş bolsa ýalançy-kezzaplar oba,

Talaň salar halkyň mülki-malyna;

Ogra oba bolmaz, ýalança toba,

Diýipler, seretmez misgin halyna.

 

Ýalançy taňrynyň duşmany bolsa,

Neçüýn ýalan sözlär obaň başlygy;

Jan berip rebbine gül ýüzi solsa,

Belli bolar onda jennet daşlygy.

 

Munda hem görüner halkyň gözi bar,

Bar eden işiňe baha bererler;

Amal şertdir, il amalda sözi bar,

Oňat, erbet bolsaň baryn görerler.

 

Dogry bolsaň rahatlykda ýaşar sen,

Indi ir zamandyr ösüpdir ylym;

"Serhoş" bolsaň dag-depeden aşar sen,

aýrylar kezzaplyk köpelse bilim.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله