SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ARMAN GALMASYN

 

     ARMAN GALMASYN

 

Ýaş ulalyp çyksaň awuň yşkyna,

Atar bolsaň ok wagtynda göçmeýär.

Höwes edip girseň ýaryň köşküne,

Dodak demi bilen otlar öçmeýär.

 

Yşk derýasy teriň ýüzmäge dem ýok,

Ýüzjek bolsaň ilki özüňe seret.

Bu derde gojalsaň derman ýok, em ýok,

Şara bişirmäge közüňe seret.

 

Şarany bişirip iýjek bolaýsaň,

Ilki başdan päki ýaly diş gerek.

Bişirip iýermen diýjek bolýasaň,

Çekeläp üzmäge ýene güýç gerek.

 

Goç ýigit bar eli ýetmez bir ýara,

Ýene baý garry bar iki üçüsin

Setirläpdir ýöne ýüregi para,

Bolsa-da höwr edip iňki kiçisin.

 

Köçä çyksaň bazar al-ýaşyl bolup,

Ýaşy çenden aşan gyzlar hem görner.

Gören ýigitleriň gül ýüzi solup,

Galyň tapman garyp her ýana urnar.

 

Goç ýigitler myradyna ýetişip,

Ýaş-juwan ýürekde arman galmasyn.

"Serhoş" hem toýlarda ile gatyşyp,

Bu gözel şatlygy görmän galmasyn.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله