SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
KÜÝSENMEK BOLMAZ

 

               KÜÝSENMEK BOLMAZ

 

Gel göwnüm sen tokat bolup oturma,

Tokat bolmak ömre zyýany bardyr.

Bilmezlikden jana sütem ýetirme,

Gaýgy üçin Türkmen diýäni bardyr.

 

Gaýgynyň bitiren bir işi bolmaz,

Sapak al şatlygy ol sona, gazdan.

Gaýgydan daş duran hiç zaman solmaz,

Almaly sapaklar pasylda ýazdan.

 

Tokatlyk keselniň gytdyr dermany,

Ýekeje dermany aýdymdyr, sazdyr.

Gaýgysyz ýaşanyň ýokdur armany,

Häzirki ýagdaýda derman hem azdyr.

 

Örän az bolupdyr ömür paýymyz,

Göz açyp ýumýançaň gelip geçermiş.

Sanagly berlipdir gün, ýyl, aýymyz,

Gömür, çyra, gerek wagty öçermiş.

 

Sanagly çöp gutarýandyr san bilen,

Şeýle bir ýagdaýa buýsanmak bolmaz.

"Serhoş" ýaşa arassa, päk gan bilen,

"Myşlary"[1] ötürseň küýsenmek bolmaz.

 



[1] Myşlary: ýagny altmyş, ýetmişe diýilýär.

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله