SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
JUWANLYK EÝÝAMYM

 

               JUWANLYK EÝÝAMYM

 

Juwanlyk eýýamym ýada düşende,

Hasrat ýüki agralardy janymda.

Indi bolsa gojalyga ýetişdim,

Unutmak keseli bardyr ganymda.

 

Her möwsümiň, her bir paslyň wagty bar,

Juwanlyk hem ýigitligiň ýazymyş.

Ýanyňda ýaşaýan hemdem ýoldaşyň,

Oňat bolsa Mejit Takäň sazymyş.

 

Düşümsiz ýoldaşlar köýdürer ömrüň,

Paýhasly bol diýer her dana ýoldaş,

Il haýryna ädim äden ýigitler,

Ýaşy ulaldykça bolar ile baş.

 

Iliň gözi terezidir işiňe,

Her ne etseň ilden alar sen paýyň.

Haram çörek degirmäni dişiňe,

Garyby gollasaň jennetdir jaýyň.

 

Gotur ite gulluk eden baranmyş,

Möminleriň arzuw eden ýerine.

Şek etmek ýaraşmaz rebbim ýaranmyş,

Amal ýoldaş bolup geler serine.

 

Geläýse eliňden ýetir haýryňy,

Sowma misginleri mydam gözüňden.

Ilki MYŞY "Serhoş" bolup geçirdiň,

Bal ary tek şähtler damsyn sözüňden.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله