SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÖMÜR GYSGA

 

 

        ÖMÜR GYSGA

 

Dünýä kerwensaraý giderler gelip,

Bu jahan hiç kime wepa bermedi.

Gitmän galan ýokdur ynsanlar bilip,

Ahmyrsyz geçeni bir kes görmedi.

 

Şagalaňly bazary bar her bapdan,

Bu bazara giren çyka bilmeýär.

Gün-günden güýçlenip düşäýmez tapdan,

Bökesi nebisdir ýyka bilmeýar.

 

Ömür gysga, bilmän galýar geçenin,

Ýetmiş, segsen ne tiz gelip geçermiş.

Ölüm zährin bilmän galýar içenin,

Ajal haýýat köpün donun biçermiş.

 

Munda çus eşegi beräýsim gelmez,

Onda mündüriljek byrag atyna.

Hakdan aýra elim seräýsim gelmez,

Pikir edip zeliliniň hatyna.

 

Dünýä süji sen bir balyň arysy,

Elwan güller çykyp daglar düzüne.

Dünýä serçe, sen iýmiti-darysy,

Jandar nebat birdir rebbiň gözüne.

 

Jandarlar içinde ynsan parhlydyr,

Sebäbi akyly, pähimi bardyr.

Ynsan bolmak bilen ol hem nyrhlydyr,

Çyn ynsan ýürekde rähimi bardyr.

 

Geliň adam bolup ynsan ýaşaýliň,

Garyplardan ýüzümizi sowmany.

"Serhoş" bolup synawlardan aşaýlyň,

mätäçleri gapymyzdan kowmany.

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله