SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ÝETMIŞIŇ DAGY

 

 

          ÝETMIŞIŇ DAGY

 

Eý agalar aýtsam ýetmiş dagyny,

Otdan ýakgyç, dagdan agyr zamandyr.

Hemdem ýaryň kesse ömür bagyny,

Buýruk bolup gören biler ýamandyr.

 

Adam pahyr ömür baky gülmezmiş,

Ýagşy günüň gadryn ilki bilmezmiş,

Ýetmişde hem ýary bolsa solmazmyş,

Ýar giden soň ýaşamagy gümandyr.

 

Ýeke galyp ýanan köpdür bu oda,

Aýal ölse öýlenmek hem bir kada,

Galmaň öýlenjek diýp biderek ada,

Bu ýaşdan soň ýaryşanlar çamandyr.

 

Nepsine haý diýip akyl-pikr edip,

"Buýrukdyr Alladan!" diýip şükr edip,

Oturan tapaýsa haky zikr edip,

Elliniň dagyna ýeten amandyr.

 

Ýan ýoldaşyň gojalykda gitmesin,

Öwrenşenje ýaryň gözden ýitmesin,

Aýralyga "Serhoş" gaşyn çitmesin,

Ýan ýoldaşyň gitse jahan dumandyr.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله