SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ENEMDIR

 

               ENEMDIR

 

Berdim gözel atamy, ýaşlygymda elimden,

Gamyş ganat bilbil dek, jyda düşdüm gülümden,

Alty ýaşda däde diyýp, aýrylmazdym dilimden,

Bildirmäni ýoklugny, meni saklan enemdir.

 

Ejem pahyr ýüň darap, dokma dokyp oturdy,

Özi aýal hem bolsa, erkek işin ederdi,

Bikär galman elmydam, bize çörek ýetirdi,

Hem atamyň ýerine, meni eklän enemdir.

 

Oglanlykda bilmezden, "Däde" diýip aglardym,

Garyp enem göwnüni ahlar urup daglardym,

"Geler ataň!" diýilen, söze göwnüm çaglardym,

tikin tikip, ig egirip, meni saklan enemdir.

 

Ýedi ýaşa ýetemde, mekdep-medersä berdi,

Harjymyzy tapmany, it tekin günler gördi,

Juwanlykda garyplyk, hem ýekeligiň derdi,

Dagdan agyr hem bolsa ýene saklan enemdir.

 

Tam ýerine gargydan, bir gat küme saldyryp,

Agaç tapman gyş güni, sygyr tezek ýandyryp,

Özi gizlin aglasa, meni mydam güldürip,

Gamyş ganat guşuna, ganat beklän enemdir.

 

Şükür kadyr Hudaýa, bir myrada ýetişdim,

Uly bolup bir öýe, il içine gatyşdym,

Garyplygyň urşunda mertlik bilen atyşdym,

Her ýagdaýa düşemde ýene eklän enemdir.

 

Altmyş üçe ýetişdim, peýgamberiň ýaşyna,

Enem-atam dek men hem, barsam Resul gaşyna,

Arzuwym bar zyýarat, etsem gara daşyna,

Ýumşak ýürek bolmaga, meni kaklan enemdir.

 

Bir bäş kelam hat ýazdym, garyp üçin ýädigär,

Ýetmiş iki ýaşynda ötdi atam doga zar,

Segsen dokuz ýaşynda, ýaşar enem maňa ýar,

Döwletim bar göz açyp "Serhoş" saklan enemdir.

Hakykaty men ýetim däl, ýöne ýetim bolup ýazdym.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله