SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GOJA DÜNÝÄ

 

               GOJA DÜNÝÄ

 

Goja dünýä haýbatyňa buýsanyp,

Kepeze dek ölümsyrap ýatmagyl.

Göreniň ýutjak bolup küýsenip,

Namart bazaryna merdi satmagyl.

 

Keserip durmaga kimiň erki bar,

Aždarha sen bar ýürekde gorky bar,

Bir näzli gelin sen gyjyrdap duran,

Görenler aýdarlar ajap görki bar.

 

Owadan mekan sen beren wagtyň az,

Bagyňda bilbiller diýseň hoş owaz,

Ýaňy saýrap duran wagty inderýäň,

Asman tor goşy ýa-da algyr, baz.

 

Gujagyň açykdyr myhman almaga,

Orak-çalgyň kesgir ömür çalmaga,

Ýalançyň hözirin görjekler köpdür,

Goýmaz sen artykmaç oýnap gülmäge.

 

Ynsan ilki çaga bolup oýnaýar,

Ýigit wagty bilmezlikden boýnaýar,

Kämillikden ötüp gojalsa ýaşy,

Aýralyk agt geldi diýip ýaýnaýar.

 

Sen hem "Serhoş" ýaýnaýanyň biri sen,

Ötenler dek ýer astynda çüýre sen,

Ýöne seniň ýazyp goýan eseriň,

Ölmän galar il içinde diri sen.

 

 

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله