SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GAM BASYPDYR

 

       GAM BASYPDYR

 

Gam basypdyr garyp köňlüm hanasyn,

Tapmadym bir ýagşy ýoldaş özüme.

Weýran etdi juwan janym lanasyn,

Tapmadym bir ýagşy syrdaş sözüme.

 

Uzatdym elimi dost diýip her ýan,

Etdiler ahyrda gözümi gerýan,

Bu zaman dostundan bolandyr berýan

Gara bagrym, ynan meniň sözüme.

 

Meýhanalar boldy gijeler öýüm,

Gam basan meýlerde elmydam küýüm,

Şatlyk eder, gamdyr meň toýum,

Meý hem em bolmady ýürek közüme.

 

Iýdirdim her kime dost diýip nanym,

Kesmäni, ýarmany, dökdüler ganym,

Janypdaş ýoldaşa bermäge janym,

Görünmez ýakynda meniň gözüme.

 

Gaýgy-pikir juwan tenim baryny,

Ýakyp ýüreginde kesel naryny,

Aljyrap bilmeýär eder kärini,

Ser edip bilersiz juwan ýüzüme.

 

Aşygam her halda kadyr hudaýa,

Bäş günlük myhmandyr her kim bu jaýa,

"Serhoş" hem bal diýip batypdyr laýa,

gamhanadan gaçmak ýagşy özüme.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله