SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
ARYP AT BILEN

 

               ARYP AT BILEN

 

Magtymguly ýene bu gün toýuňa,

Köpdür gelen Türkmen gaýra ilerden.

Seniň ýazan aryfana sözüňe,

Pähimi giň gerek kyndyr bilerden.

 

Köp nesihat etdiň süýji dil bilen,

Rähim merewweti başda sözlediň,

Yslam yşygyny ýakdyň il bilen,

Kuran okap hadys baryn gözlediň.

 

Tanalmaýan Türkmen dünýä tanaldy,

Elwan haly, Ahal-Ýomut at bilen,

Indi alymlaryň Türkmen balasy,

Ýoluňy tutýandyr donuňy geýip.

 

Zyýarat mekanyň düzeler tizden,

Hormatyňa ýädigärlik gurarlar,

Alymlar söz başlap şahyr hem yzdan,

Sen arypa gol gowşuryp durarlar.

 

Dikeltdim men öz paýyma suratyň,

At çapylan gök gyrtyçly meýdana,

Tagzym kylýars Türkmen bolup sizlere,

Kemçiligmiz geçiň eý aryp dana.

 

"Tagy Serhoş" sürme eder topragyň,

kütelse-de güýç-kuwaty, gözleri.

Ta ölýänçä saýa eder ýapragyň,

Magtymguly aryp bolar sözleri.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله