SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
MÜBÄREK BOLSUN

 

          MÜBÄREK BOLSUN

 

Söz oragyn oran ey aryp şahyr,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

Eden hyzmatlaryň Türkmene zahyr,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

Kuran okap yslam dinin hakladyň,

Köp ýerlerde Şah Merdany ýatladyň,

Ferdusy dek iliň dilin sakladyň,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

Döreden eserleň ençeme zaman,

Galar asyrlarça zer dek bigüman,

Yrfany sözleriň deňizde umman,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

Hünärli ýigitler gelip öýüňe,

Abraýly don biçendir boýuňa,

Alym, a:my ýygylypdyr toýuňa,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

 

Diýseň gözel bejerildi mekanyň,

Ömri artyk bolsun zähmet çekeniň,

Kalbynda sen Ýomut, Gökleň, Tekäniň,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

Ussat Magtymguly hormatyň artar,

Nesip bolsa Alla tanabyň dartar,

Pirim diýip "Serhoş" yzyňdan ýortar,

Dabaraly toýuň mübärek bolsun.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله