SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GAL AÝAGA

 

               GAL AÝAGA

 

Magtymguly gal aýaga gör ne bar,

Alym, a:my ýygylypdyr daşyňa,

Seniň muştaklaryň ýatlamak üçin,

Iki ýüz hem altmiş alty ýaşyňa.

 

Gelen köpdür Türkmenistan ilinden,

Möwç urar daşyňda şöhratly-şanly,

Alymlar bar önen türkmen bilinden,

Ýazyjy hem şahyr dünýäde sanly.

 

Eýran alymlary Türkmen hem parsy,

Uly okuw jaýda bilimler beren,

Sylag üçin gelip bu gün barysy,

Seniň goşgularňy okyýyp gören.

 

Sen alym hem aryp, ýaýyldy adyň,

Tutarlar pendiňi jan-u dil bilen,

Şirgazyda okan Kuran bunýadyň,

Ýaýrady yslama barça il bilen.

 

Ussat goşgyň dünýä dile düzüldi,

Muştaklaryň artar günbe-gün sany,

Adyň bolsa buýsanç jaýda ýazyldy,

Artar Pyragynyň şöhraty-şany.

 

Sag bolsunlar iki döwlet başlygy,

Guruldy mynasyp zyýarat mekan,

Aşyga parh etmez ýakyn daşlygy,

"Serhoş" hem aşygyň birisi eken.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله