SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
KUWAT BERDIŇ

 

               KUWAT BERDIŇ

 

Her kişä aradan çykdy diýp bolmaz,

Sebäbi päk tenler toprakda ölmez;

Arça dek elmydam ýaşyl öwüser,

Ylym ýapraklary hiç zaman solmaz.

 

Göwher saklamaga ökdedir toprak,

Durmuşa görk berer gök-ýaşyl ýaprak;

Ýöne her toprakda tapylmaz göwher,

Tapysa misdir ýa bürünç-mafrak.

 

Göherli mekanda alymlar bişer,

Dür saçar dünýäýe ýalkymy düşer;

Topragyň enesi eger suw diýsek,

Aryplar çeşmesi elmydam joşar.

 

Şirgazyda okap yrfan ýaragy,

Alandyr eline ussat Pyragy;

Ömür baky şöhle salar jahana,

Öçmez sönmez ýakyp giden çyragy.

 

Duýgulary güýçli Attar, Jamy dek,

Ýa Möwlana, Hafyz, yrfan bamy dek;

Baýezit Bastamy, Balhy deý bolup,

Köp zatlar görkezen Jemşit jamy dek.

 

Magtymguly adyň doldy illere,

Ferdusy dek kuwat berdiň dillere;

Bostanyňda gunçalaryň açyldy,

Bu gün "Serhoş" guwanýandyr güllere.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله