SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
BEHIŞTIŇ AGAJY

 

      BEHIŞTIŇ AGAJY

 

Bu gün bir begençli gün boldy bize,

Aktokaý obada, dag-depe, düze.

Ussat Magtymguly seniň muştaklaň,

Behiştiň agajyn dikerler size.

 

Gelejekde ýaşyl ýaprak baglary,

Saýa berer iliň baran çaglary;

Uzak ömür bersin zähmet çekene,

Gök-ýaşyla döner gurak daglary.

 

Ekiljekdir häzir zeýtun agajy,

Miwesi dermandyr bolsa-da ajy;

Bezelýändir saňa gözel tebigat,

Eý aryp, Türkmeniň başynyň täji.

 

Türkmen şahyrlary gelip gaşyňa,

Tagzym kylyp ýygylypdyr daşyňa;

Ýene ýetmiş günden tutarlar toýuň,

Iki ýüz hem altmyş sekiz ýaşyňa.

 

"Serhoş" hem şahyrlaň birisi bolup,

ediljek işlere begenip gülüp;

ýigitler gol çermäp gollugna ýetsin,

suw ýetmän galmasyn agaçlar solup.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله