SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GALKYNŞLYDYR

 

GALKYNŞLYDYR

 

Türkmen ýigitleri tutýandyr toýy,

Bezäp ak eşikli ak gamyş öýy;

Gamyş gulak, inçe billi at bilen,

Görk berer meýdana Türkmeniň soýy.

 

Atynyň boýnuna boýunsa dakyp,

Eýeriň gaşyna kümüsler kakyp,

Türme şaly gatanç diýip at bilen,

Alyp gaçar öňe yzyna bakyp.

 

Sürentgidir beýle çapgynyň ady,

Ýygnar toý meýdana ýakyny ýady;

Telpek selpilledip dony ga:lga:nda,

Hezil berer atyň şemaly-bady.

 

Çapylýandyr geňeş güni taýlary,

Heýran eder halky esbap-şaylary;

Goç ýigitler golun çermäp durýandyr,

Hyzmat eder şol gün garyp, baýlary.

 

Bir gün soňra uly çapgy gurular,

Gazy emi:n, näme diýse durular;

Päliwanlar çykyp göreş meýdana,

Ýykanlara baýrak halat beriler.

 

Türkmen toýy galkynşlydyr bizlere,

At çapgysy ýalkym salar düzlere,

"Serhoş" bolup her kim däbin saklasa,

gelejekde nusga bolar sizlere.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله