SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
KÖP GÖÇEN

 

KÖP GÖÇEN

 

Bu dünýäde köp kowan bar, köp gaçan,

Her bir zadyň ganymy bar ýanynda.

Giňdir jahan köp gonan bar, köp göçen,

Ýaşamaga ynam ýokdur janynda.

 

Şagal, tilki ganym bolup towuga,

Garry enäň ketegini boş eder;

Köwük, ýaban pişik galyp sowuga,

Gije ýatan guşa göwnun hoş eder.

 

Bürgüt, gajar al howany sökerler,

Uzakdan görýändir aljak awuny;

Tokgar, towşan bolsa ýerde bökerler,

Iýjek bolup çölde biten gawuny.

 

Ertir bilen köp haýwanlar aç bolar,

Towşan, tokgar bolsa şolaryň biri;

Gajarm bürgüde hem şolar paç bolar,

Dört aýakly ölüp iki aýak diri.

 

Sabyr kanahat bar möjekde, möýde,

Şatlyk eder bilbil çemenli bagda;

It wepaly bolar biliň her öýde,

Ybrat almaly biz her ýagdaý çagda.

 

Ýolbarsdan öwreniň gujur gaýraty,

Gorky atly ýüreginde kesel ýok;

Urşgurlyk bolar gaplaňyň zaty,

Bulara degişli aýra mesel ýok.

 

Garynça erjeldir ýükün çekmäge,

Uçar guşlar erkin dünýäni gezer;

Ökdedir jerenler çölde bökmäge,

Mesel bilen "Serhoş" goşgular düzer.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله