SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
BOGMASYN

 

Magtymguly Pyragynyň ýerli umana agzalary bilmezlikden eýemsiräp goşgy okaljak bolsa gezek almandyrsyň ýa wagt ýok diýmegi bilen uzak ýoldan zyýarata baran myhmanlary ynjydýarlar. Şoňa tankyt ýüzünde bir näçe setir ýazdym:

 

               BOGMASYN

 

Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn

Bir näçesi bilmezden giň ýollary bogmasyn.

Yşkdan eser bolmany biderek täsip edip,

Degişli diýp ýurduma hem kowmsyrap çogmasyn.

 

Alym-şahyr jahanda degişlidir bar ile,

Pyragy dek ylaýta tanalýandyr köp dile;

Borjy bolar ýerliniň sylag etmek myhmana,

Ýigitleri durmaly baglap guşagyn bile.

 

Ýygnanşykda şahyrlar goşgularny tabşyrar,

Orta çykyp näçesi wagt ýok diýip gabşyrar;

Görüm gömän käleri eder işin bilmäni,

Ylym bolman özüni mikrofona ýabşyrar.

 

Ýomut, Gökleň, Tekeler, doganlykda bir bolar,

Barjak jaýy her kimiň, ahyr-soňy ýer bolar;

Galman ýüze hak sözi "Serhoş" bolup sözleseň,

Eşiden hem bolaýsa, şonda serbe-ser bolar;

Hak işini bitiren ärler şonda ner bolar.

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله