SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GÖÇMELI BOLJAK

Şahyr we ýazyjy, merhum Nazmuhammet Pakga hödürlenýär:

 

               GÖÇMELI BOLJAK

 

Alymlar jem bolup oturşyk görýän,

Ýöne bir stulyň üsti boş welin.

Ýalançyň işine pikir edip durýan,

Stulyň eýesi bizden daş welin.

 

Aramyzdan çykdy gerçegiň biri,

Çyksa-da jan tenden sözleri diri;

Hormaty köp idi iliň içinde,

Sylardy elmydam ussady, piri.

 

Bu gerçek şahyr hem ýaş idi özi,

Ýazan rubagysy jana ornardy;

Bagryna basardy ýangyçly közi,

Gazet arkaly ili gurnardy.

 

Ýüregi açykdy, galamy güýçli,

Syrkawlap ýatsa-da elleri işli;

Borç bilip özüne Türkmen myrasy,

Köpüň biri idi kowumly, hyşly.

Bu öten ýigidiň juwan ýaşlygna,

Gynanmakdan ýürek-bagyr dilinýär;

Hiç ölçeg ýok aramyzyň daşlygna,

Daş hem bolsa eserleri bilinýär.

 

Bu ýoldan barymyz geçmeli boljak,

Kerwen gelip ýetse göçmeli boljak;

Ir-giji bar eger "Serhoş" hem bolsaň,

Ömür ýyldyz batyp öçmeli boljak.

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله