SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
USSAT NAZARLY

 

               USSAT NAZARLY

 

Dünýä görki diýsek bahar-ýazlary,

Kölleriň gelşigi diýsek gazlary;

Ruha damak diýsek aýdym-sazlary,

Ruhlary şat eden ussat Nazarly.

 

Ussat Sahy, Magytmguly garlyny,

Ýat edip aýdardy zülpi tarlyny,

Toý bolsa deň tutup barsýz, barlyny,

Illeri şat eden ussat Nazarly.

 

Oýandyrjak bolup apbak ýaryny,

"Ýandyrdyň Bibi" diýp elde baryny

Goýardy saryýaň çekip zaryny,

Türkmeni şat eden ussat Nazarly.

 

Magtymguly Garlyň jan eý janyny,

Teşnit, Kerem geldi, köpler sanyny

Aýdyp gyzdyrardy iliň ganyny,

Illeri şat eden ussat Nazarly.

 

Serhoş ýigit atly sahyň owazyn,

Aýdan wagty dutar, gyjagyň sazyn,

Direlden ýalydy Çalmanyň özün,

Pirini şat eden ussat Nazarly.

 

Bu ýalançy her kime don biçendir,

Ussat-şägirt ölüm zährin içendir,

Ussat Sahy daglar diýip geçendir,

Ussadyn ýat eden ussat Nazarly.

 

Tomagaly, duş bolmasyn, gelinler

Diýip aýdan wagty ýürek dilenler,

Kän idi gulagyn gerip görenler,

Türkmeni şat eden ussat Nazarly.

 

Diýerdi dutarsyz bir gün gezmenem,

Dutar, gyjak, Türkmen ýoly bozmanam,

Bir aýdym aýdardy ady dözmenem,

Aýdanda şat eden ussat Nazarly.

 

Ötse-de dünýäden galandyr ady,

Abdylmennaf, Mansur köňlüniň şady,

Doktor Teke Mämet zurýady,

Şägirdin şat eden ussat Nazarly.

 

Gadyr bilen ýok hem diýsek tapylar,

Gadyr bilenlere açykdyr gapylar,

Är-ýigitler bu meýdanda çapylar,

Ärleri şat eden ussat Nazarly.

 

Lakamy Mähjüwbi, hujb-u haýaly,

Öýi Çaýgowşanda Tokaý gaýaly,

Sabyrlydyr ogul bäbek aýaly,

Balam diýp dat eden ussat Nazarly.

 

Ýadymdan çykmaýar bir aýdan sözi:

Ulaldarlar bagşy ýumulsa gözi,

Her kim sylagyny görsemiş özi,

Geljegin ýat eden ussat Nazarly.

 

Sag bolup ýaşasyn düşünýän, bilýän,

Hünär üçin ýürek bagryny dilýän,

Bu meýlisi görüp "Serhoş" hem bolýan,

Türkmeni şat eden ussat Nazarly.

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله