SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > ÝAŞLAR BAGTLY BOLSUN
ÝAŞLAR BAGTLY BOLSUN

Türkmenistanyň Gyzyletrek şährinde  Kaka jan atly eziz dostumyň ilki ogly Myrat janyň öýlenmek toýuna

1381/9/25 şemsi ýylynda ýazan goşgym:

 

    ÝAŞLAR BAGTLY BOLSUN

 

Ýaşlar bagtly bolsun ilkije sözüm,

Dumly-duşdan gelen görýändir gözüm,

Sebäbi Kakajan ilki toýuň diýp,

Geldik Eýran ýurtdan doganym özüm.

 

Geliniň aýagy düşümli bolsun,

Bu içre yrsgal-bereket dolsun,

Gybatyň duşmany garaja saçly,

Eje-kaka diýen çagalar gülsün.

 

Köpmüş Kaka janyň ýary-ýarany,

Gülüp garşy alar toýa barany,

Iki ýurduň başlyklary sag bolsun,

Açyp goýdy gatnaşmaga arany.

 

Gyzyletrek şahyr, bagşy merkezi,

Bardyr ussat Magtymguly Gerkezi,

Etrek bolýunda ýaşady ussat,

Ýakyp ýylgyn agaçlary, çerkezi.

 

Nurberdi haypa zaryn aýdardy,

Bibi atly aýdym baryn aýdardy,

Öňki zaman telewizýon görjek diýp,

Kümmet halky Daşlyburna gaýdardy.

 

Halk bagşysy bolup geçendir daýym,

Belki jaýy jennet bolsun hudaýym,

Aşyk aýdyň pirden uly ussatdan,

Diýermiş ýetişdi gysmatym, paýym.

 

Indi bolsa dutar-gyjak sazlary,

Ýaňlanýandyr dik durmaly jazlary,

Gulak gutyn aýyrmaga diňledik,

Ukyplymyş bagşy eken özleri.

 

Türkmen bolup ýaşamak bir kadadyr,

Etrek boýunyň halky sadadyr,

Her näçe sada hem bolasa eger,

Ýene toý gelşigi gülgün badadyr.

 

Ýene bir gelşigi şorja balykdyr,

Balygyň ganymy tordur, sälikdir,

Esengulyň halky ýetirer balyk,

Dost bolup gatnaşsa dogan ýalakdyr.

 

Gülgün bada gelşik bolsa toýlara,

Süýji arzuw edip barça öýlere,

Toýa hormat goýup gene myhmanlar,

Rahatlyk bermeli dargan küýlere.

 

Gara ýer gaýaýmaz ak maýa çökmän,

Ýazy ýaz etmäge gerekdir hökman,

Bu sözleri ötenlermiz aýdypdyr,

Çopan hem şat bolmaz guzular bökmän.

 

Gara bulut göwsündäki garyny,

Toýa hormat goýup dökse baryny,

Akja gar ýagmaga durdy diýseler,

"Serhoş" bolup eýsek Etrek naryny.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله