SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
تالیفات > شوردان تاپیلدی > Latin > GÖZEL AŞYK BOLMUŞAM
GÖZEL AŞYK BOLMUŞAM

 

 

ÝIGITLIKDE GOŞULAN

SÖÝGÄ DEGIŞLI GOŞGULAR

 

               GÖZEL AŞYK BOLMUŞAM

 

Eý eti-gany meýesser, boýy serwi dek gözel,

Meni görmän niçik ýeter, bilmen seniň kararyň.

Ýürekden istär men seni, bu eýýamlardan ozal,

Görmän meni niçik ýeter, bilmen seniň mydaryň,

Serwi kamat boýuňa men gözel aşyk bolmuşam.

 

Keman gaşyň çekme ýaýyn, geçer mužganyň oky,

Geler üstüňden mydama, gülleriň isi-koky,

Razyýam ger ýetse her kimsäge özüniň haky,

Hak aşyk men kabul etseň bolar men seniň ýaryň,

Mahy taban dek ýüzüňe, gözel aşyk bolmuşam.

 

Islegimdir birje sormak, alkymyňdan her zaman,

Minewwerdir tire gijäm, ýalkymyňdan bigüman,

Köp japa berme nigärim, besdir indi elaman,

Janyma otlar salar seň ol gara zülpi taryň,

Jan alan jellad gözüňe, maral aşyk bolmuşam.

 

Ynam ýokdur loly dünýä, nazar sal bu çagyňa,

Gel maralym goýma meni, hyjran otly dagyňa,

Armanym ýok birje girsem, ekme narly bagyňa,

Mundan beter ynjytmaýar, men seniň ahy-zaryň,

Toty güftarly sözüňe, maral aşyk bolmuşam.

Gana-gana gülgün şerap, içsem mermer eliňden,

Bal ezilen dodagyňdan, öpüp sorsam diliňden,

Bagbanyň bolup tirsem, biten gunça gülüňden,

Ýar ýolunda jandan geçen "Serhoş" seň hyrydaryň,

Keman gaşly gözüňe ýar, ozal aşyk bolmuşam.

Ta kyýamat özüňe jan, gözel aşyk bolmuşam.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله