SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
DOKMAÇY MARAL

 

 

               DOKMAÇY MARAL

 

Azaşyp ýolumdam bir öýe bardym,

Gözüm düşdi bir dokmaçy marala.

Jemalyny görgeç köpeldi derdim,

Ýürek süýşdi bir dokmaçy marala.

 

Boýdaşlary bilen saýradyp dili,

Çitende dokmany maşyn dek eli,

Basar haly-halça her tüýsli göli,

Gözüm düşdi bir dokmaçy marala.

 

Hünärli el bilen darak kakanda,

Gülüp gözi bilen mylgyp bakanda,

Däli göwnüm yşk oduna ýakanda,

Yşkym joşdy bir dokmaçy marala.

 

Gören gözelimiň goşa naryna,

Hiç bir zat ýetişmez zülpi taryna,

Ak ýüzi meňzeşdir dagyň garyna,

Gözüm düşdi bir dokmaçy marala.

Çöl ýerde hem owadan gyz bar eken,

Jahan giň hem bolsa bize dar eken,

Yşkly ýürek bir görmäge zar eken,

"Serhoş" goşdy bir dokmaçy marala.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله