SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
GEL BÄRI

 

               GEL BÄRI

 

Boý syrdamy ýetimli gyz gel bäri!

Sözi jana ötümli gyz gel bäri!

Islegim, sen bar gözeliň içinde,

Alma-nary bitimli gyz gel bäri!

 

Göz öňünde gara hally jemayň,

Aýrylmaýar el hünäriň, kemalyň,

Össün belki üstümizden şemaliň,

Yşky jana ötümli gyz gel bäri!

 

Bilmen neçüýn ogryn garap güler sen,

Ýürek bagrym pyrgatyňa diler sen,

Aýralyk ýamandyr oňat biler sen,

Oňat işi tutumly gyz gel bäri!

 

Bardyr sende her hünäriň rişdesi,

Söýdüm seni Türkmen bagyň keşdesi,

Goýsam başym gara saçyň puştasy,

Bir ýassykda ýatymly gyz gel bäri!

 

"Tagy Serhoş" aşyk saňa ey senem,

Gudalyga gelsin rugsat ber enem,

Yşk ussadym bolsaň şägirdiň menem,

Okyp baryn hatymly gyz gel bäri!

 

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله