SmartSection is developed by The SmartFactory (http://www.smartfactory.ca), a division of INBOX Solutions (http://inboxinternational.com)
PERIZAT

 

               PERIZAT

 

Orta boýly galam gaşly perizat,

Gel ikimiz zowky-sapa guraýly.

Bu garyp köňlümi eýleme naşat,

Başymyza her ne gelse göreýli.

 

Aşyklygyň ýüki agyrdyr dagdan,

Her kim aman öte bilmez bu çagdan,

Rugsat be tireýli almaly bagdan,

Alma naly bagda döwran süreýli.

 

Ýürekdäki dile geldi bu zaman,

Geçerin ýoluňda jandan bigüman,

Aýan bolar yşkym beräýseň aman,

Gül ýaňakdan pusa alyp bereýli.

 

Galam gaşyň meňzär kemanly ýaýa,

Güler ýüzüň ogşar gökdäki aýa,

Nowjuwan ömrümiz bolmasyn zaýa,

Gel maralym täze döwran süreýli.

 

Gurban bolar "Serhoş" sen tekin ýara,

Beýle bakyp etme ýüregim para,

Rähm edip derdime eýlegil çäre,

Gel ikimiz ýagşy döwran süreýli.

 

  این مقاله را با فرمت PDF نشان بده چاپ مقاله فرستادن مقاله